Russiýada birnäçe garaşsyz habar serişdesiniň 12-nji iýunda syýasy tussaglary we Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşuny aç-açan ýazgarýan rus raýatlaryny goldamak üçin serişde toplamaga gönükdiren marafonynda 34,5 million rubl (415,000 dollar) toplandy diýip, guramaçylar aýtdy.
Guramaçylar ruslaryň ählisiniň Moskwanyň öz goňşusyna garşy ulanýan agressiýasyny goldamaýandygyny görkezmek isleýändiklerini aýtdylar. Moskwadaky çäre ir sagat 9-da başlandy we agşam sagat 10-a çenli dowam etdi.
12-nji iýun Russiýa güni bolup, bu günde ozalky sowet respublikasynyň 1990-njy ýylda jar eden döwlet özygtyýarlylygy milli baýramçylyk hökmünde bellenip geçilýär.