Russiýanyň Goranmak ministrligi Krymyň kenarynda ukrain deňiz dronunyň ýok edilendigini aýdýar

Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň okupirlenen Krym ýarymadasynyň kenarlarynda Ukrainanyň deňiz dronunuň ýok edilendigini aýdýar.

“1-nji dekabrda Moskwa wagty bilen ir sagat 08-de Gara deňziň günbatar ýakasynda, Krym ýarymadasyna tarap hereket edýän Ukrainanyň dolandyryjysyz gämisi anyklady. Nyşan Gara deňiz flotunyň harby-deňiz awiasiýasy tarapyndan ýok edildi” diýip, Ministrlik Telegram kanalynda mälim etdi.

Ukraina bu ýagdaýy kommentirlemedi. Şeýle-de bu aýdylanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.