23-nji maýda Russiýanyň Ukrainanyň ikinji iri şäheri Harkiwa uran zarbalary netijesinde azyndan ýedi adam heläk boldy. Prezident Wolodymyr Zelenski bu hüjümi “juda elhenç” diýip atlandyrdy, şeýle-de uruşdan ejir çeken ýurduna has köp howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň gerekdigi baradaky çagyryşlaryny gaýtalady.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy adam pidalarynyň we şikeslenenleriň sanynyň artýandygyny aýtdy, şeýle-de halas ediş işgärleriniň ýangyny söndürýän we ejir çekenlere hemaýat berýän käbir suratlaryny çap etdi.
Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw regionynyň häkimi Oleh Synýehubow ýedi adamyň, şol sanda bäş zenanyň ölüminiň tassyklanandygyny aýtdy. Pidalaryň ählisi hüjüm wagty bir boýag zawodynda zähmet çekýärdiler.
Harkiwiň häkimi Ihor Terehow bir raketanyň çaphana düşüp, uly ýangynyň döremegine sebäp bolandygyny aýtdy.