Russiýanyň Hersona uran zarbasynda bir adam öldi, altysy ýaralandy

Russiýanyň Hersona uran zarbalary

Russiýanyň öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň günortasyndaky Herson şäherine uran zarbalary netijesinde bir adam öldi, başga-da altysy, şol sanda iki çaga ýaralandy. Bu barada regional häkim Oleksandr Prokudin 2-nji oktýabrda irden habar berdi.

“Şu gün daňdan sagat 5-lerde, duşman Hersonyň merkezine zarba urdy. Hüjümiň bolan ýerinde ot döredi. Ol ýangyn söndürijiler tarapyndan dessine öçürildi” diýip, Prokudin Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.