Russiýanyň Kiýewe eden iň ganly hüjüminde ölenleriň sany artýar

Kivew, 2-nji ýanwar, 2024.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina goşun süreli bäri Kiýewe urlan iň ganly raketa zarbasynda ölenleriň sany artdy.

29-njy dekabrda ukrain paýtagtyna edilen hüjümde ölenleriň sany 30 adama ýetdi diýip, Kiýew şäher harby administrasiýasy 3-nji ýanwarda telegramda habar berdi.

“Top okundan ýaralanan we hassahanada bejergi alýan adamlaryň biri hassahanada, alan ýarasyndan ýogaldy” diýip, harby administrasiýa bu hüjümde 29 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýa 29-njy dekabrda bolan hüjümde Ukraina 158 pilotsyz uçar we raketa bilen hüjüm edip, 40-dan gowrak adamyň ölmegine, 150-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.