KIÝEW – Ukrainanyň paýtagty Kiýewe gije edilen rus raketa we dron hüjüminde azyndan 20 adam öldi, onlarça adam, şol sanda çagalar ýaralandy. Bu barada ýerli häkimiýetler habar berýär.
“Ýaşaýyş jaýlaryna birnäçe weýrançylykly göni zarba uruldy” diýip, Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Timur Tkačenko 2-nji iýulda aýtdy. Ol halas edijileriň harabalyklaryň astyndan hem diri galan adamlary, hem-de ölenleriň jesetlerini çykarýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Dokuz adamyň ölendigi tassyklandy, ýene birnäçe mümkin bolan pida barada maglumatlar bolsa halas ediş işleri dowam edýärkä henizem barlanýar” diýip, ol aýtdy.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko 2-nji iýulyň irki sagatlarynda Telegramda şäheriň ballistik raketalar we dronlar bilen hüjüm astyndadygyny, şäheriň dürli ýerlerinde partlamalaryň eşidilýändigini ýazyp, ýaşaýjylara gaçybatalgalarda galmak barada duýduryş berdi.
Ukrainanyň Döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, şäheriň birnäçe etrabynda ýangynlar, raýat infrastrukturasyna we ýaşaýyş jaýlaryna uly zeper ýetendigi habar berildi.
“Zeper ýeten sebitlerde işler dowam edýär, olara 570 halas ediji we 125-den gowrak halas ediş tehnikasy çekildi” diýip, gulluk Telegramdaky ýazgysynda aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marýan Kuşnir wakanyň bolan ýerinden habar berip, Kiýewiň Şulýawka etrabyndaky ýaşaýyş jaýyna gije edilen hüjümiň netijelerini görkezdi.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha rus zarbalaryny ýiti ýazgaryp, olary “agyr uruş jenaýatlary” diýip häsiýetlendirdi we hyzmatdaşlary hem-de halkara guramalary “berk jogap” bermäge çagyrdy.
Hüjümden öňki agşam Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski degişli aňtaw maglumatlaryna salgylanyp, “Russiýanyň ýene bir giň gerimli zarbasynyň” bolup biljekdigi barada duýdurdy. Ol resmi saparda bolan Irlandiýadan “dessine” Ukraina dolanýandygyny aýtdy.
Kiýew sebitinde hem rus dron we raketa hüjüminde azyndan üç adam ýaralandy diýip, sebit resmileri 2-nji iýulda habar berdiler.
Şol bir wagtda, Russiýanyň Goranmak ministrligi 2-nji iýulda ýaýradan beýanatynda Russiýanyň çägindäki raýat infrastrukturasyna edilen ukrain hüjümleri diýlip öňe sürülýän hereketlere jogap hökmünde uzak aralyga niýetlenen takyk ýaraglar we dronlar bilen giň gerimli zarba urandygyny aýtdy. Beýanata görä, nyşana harby-senagat desgalary, Kiýewde we Kiýew sebitinde energetika infrastrukturasy, şeýle hem Ukrainanyň birnäçe sebitindäki harby aerodrom infrastrukturasynyň desgalary alyndy.
Ministrlik şeýle hem rus howa goranyş güýçleriniň Russiýanyň üstünde, şol sanda Moskwa we Leningrad sebitleriniň üstünde Ukrainanyň 327 dronyny urup düşürendigini aýtdy.
Ukraina Russiýada raýatlary ýa-da raýat infrastrukturasyny nyşana alýandygyny yzygiderli ret edýär we öz harby operasiýalarynyň diňe kanuny harby nyşanalara, logistika ulgamlaryna we Russiýanyň harby ulgamyny üpjün edýän energetika infrastrukturasyna gönükdirilýändigini aýdýar.