Russiýanyň parlamenti dissidentleriň emläklerini ele salmak planlaryny seljerýär

Russiýanyň kanunçykaryjylary taslama 22-nji ýanwarda garap başlarlar.

22-nji ýanwarda Russiýanyň parlamenti ýurduň Ýaragy güýçlerini abraýdan düşürmekde ýa-da döwletiň howpsuzlygyny sarsdyryp biljek hereketlere çagyrmakda günäli tapylanlaryň emlägini döwletiň haýryna geçirmegi göz öňünde tutýan kanun taslama garap başladylar.

Bu ädim sowet diktatory Iosif Staliniň 1930-njy ýyllardaky repressiýalary bilen deňeldi, şeýle-de munuň Moskwanyň Ukraina çozuşyna garşy açyk çykyş eden müňlerçe adama täsir edip biljekdigi öýdülýär.

Moskwanyň “ýörite harby operasiýa” diýip atlandyrýan Ukrainadaky urşuny tankytlamak, Russiýada jenaýat hökmünde kabul edilip başlandy.