Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin 24-nji maýda Aşgabada sapar eder. Bu barada ýarym-resmi türkmen onlaýn neşirleri Russiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.
Mişustin Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Bu Mişustiniň 10-njy maýda Russiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soň, onuň daşary ýurda amala aşyrjak ilkinji sapary bolup biler.
Maglumatda mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar diýilýär.
Russiýanyň TASS habarlar gullugynyň ýazmgyna görä, mejlisiň dowamynda GDA-nyň çägindäki söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine, şeýle-de energetika we transport, ekologiýa ýaly ugurlaryň taslama dokumentlerine garalar.
Mişustin soňky sapar Aşgabada 2023-nji ýylyň ýanwarynda, Türkmenistan-Russiýa biznes-forumyna gatnaşmak üçin gelipdi.