Russiýada prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmekçi bolýan, urşa garşy çykyş edýän kandidat Boris Nadeždin Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň (TsIK) onuň hasaba durmak üçin toplan gollarynyň 15%-inde “kemçilikleriň” tapylandygy barada mälim edendigini aýtdy.
Nadeždin 5-nji fewralda eden çykyşynda 17-nji martda geçmeli saýlawlarda kandidaturasyny hasaba aldyryp bilmek üçin, toplan gollarynyň hakykydygyny subut etmek ugrunda tagalla etjekdigini söz berdi.
Nadeždin eger-de TsIK ony hasaba almasa, onda şikaýat edip Ýokarky suda çenli ýüz tutjakdygyny aýtdy.
Russiýanyň prezidentlik saýlawlary baradaky kanunyna laýyklykda, dalaşgäri hasaba almak üçin toplanan 60 müň goluň arasyndan 5%-e çenli säwlige rugsat berilýär.
Nadeždin arzasynyň kabul edilmegi üçin 100 müňden hem aşa goly tabşyrdy.