Russiýanyň Smolensk oblastynda türkmenistanly 7 bikanun işçi saklandy

Russiýanyň polisiýa işgärleri (illýustrasiýa suraty)

Russiýanyň Smolensk oblastynda, gurluşykda bikanun zähmet çeken, Türkmenistanyň ýedi raýaty saklandy. Bu barada 21-nji maýda Russiýanyň “Glawnaýa tema” neşiri habar berdi.

Maglumatda saklanan türkmenistanlylara 2 müň rubl möçberine jerime salynjakdygy we olaryň yzlaryna ugradyljakdygy bellenilýär.

Saklanan türkmen raýatlarynyň bäşisiniň Russiýada 2023-nji ýylyň aprelinden bäri ýaşaýandygy we olaryň ýurda syýahatçylyk wizasy bilen gelendigi, onuň möhletiniň hem iýulda dolandygy nygtalýar.

Türkmenistanyň raýatlary ýurtdaky agyr işsizlik zerarly gazanjyň ugrunda daşary ýurtlara çykmaga synanyşýarlar.