Russiýanyň sudy ABŞ-ly žurnalist Gerşkowiçiň tussaglyk möhletini uzaltdy

ABŞ-ly žurnalist Ewan Gerşkowiç suduň zalynda

Russiýada deslapky tussaglykda saklanýan ABŞ-ly žurnalist, The Wall Street Journal neşiriniň habarçysy Ewan Gerşkowiçiň tussaglyk möhleti iki aý möhlet bilen, 30-njy ýanwara çenli uzaldyldy. Bu baradaky hökümi Moskwanyň Lefortowa etrap sudy 28-nji noýabrda Telegram kanalynda mälim etdi.

Gerşkowiç martda Uralyň Ýekaterinburg şäherinde saklanypdy.

Şol wagt, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy Gerşkowiçiň, hamala, harby senagat toplumyndaky döwlet syryny toplaýandygyny öňe sürüp, oňa garşy içalyçylyk aýyplamalary esasynda işiň açylandygyny aýdypdy.

Gerşkowiç özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Eger-de ol günäli tapylsa, oňa 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

Ak Tam we The Wall Street Journal neşiri Gerşkowiçiň Russiýada žurnalistik işlerini talaba laýyk ýerine ýetirendigini we degişli akreditasiýasynyň bolandygyny bellediler.