Russiýanyň sudy AÝ/AR-nyň žurnalisti Kurmaşewany öý tussaglygyna geçirmek baradaky haýyşy ret etdi

Žurnalist Alsu Kurmaşewa Russiýada tussaglykda dört aýdan hem aşa wagt bäri saklanýar. (arhiw suraty)

Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň Ýokary Sudy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewany deslapky tussaghanada galdyrmak barada höküm çykardy. Kurmaşewa Russiýada tussaglykda dört aýdan hem aşa wagt bäri saklanýar. Žurnalist we onuň goldawçylary oňa ýöňkelýän aýyplamalary ret edýärler.

Kurmaşewanyň aklawçylary, beýleki meseleler bilen birlikde, onuň saglyk ýagdaýyna hem ünsi çekip, žurnalistiň öý tussaglygyna geçirilmegini soradylar.

Kazy Olga Migunowa bu haýyşy ret etdi, emma Kurmaşewanyň deslapky tussaglyk möhletini bir gün kemeltdi. Netijede Kurmaşewa tussaglykda iň azyndan 4-nji aprele çenli saklanar.

Pragada ýaşaýan, şeýle-de ABŞ-nyň we Russiýanyň raýatlygy bolan Kurmaşewa 18-nji oktýabrdan bäri, Russiýanyň “daşary ýurt agenti” diýilýän kanunynyň şertlerini bozmakda aýyplanyp, tussaglykda saklanýar.