Russiýanyň sudy AÝ/AR-nyň žurnalisti Kurmaşewanyň deslapky tussaglyk möhletini 5-nji aprele çenli uzaltdy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-başgyrt gullugynyň baýry žurnalisti Alsu Kurmaşewa

Russiýanyň Kazan şäherindäki sudy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-başgyrt gullugynyň baýry žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň tussaglygyny iki aý möhlet bilen, 5-nji aprele çenli uzaltdy. Žurnalist 18-nji oktýabrdan bäri Russiýada tussaglykda saklanýar.

Kazanyň Sowetskiý etrap sudunyň diňlenişigi 1-nji fewralda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Habar serişdeleriň wekilleri diňe höküm okalanda zala goýberildi.

Kurmaşewanyň aklawçysy onuň höküminiň öý tussaglygyna geçirilmegini sorady, emma bu ret edildi.

Pragada ýaşaýan, şeýle-de ABŞ-nyň we Russiýanyň raýatlygy bolan Kurmaşewa 18-nji oktýabrdan bäri, Russiýanyň “daşary ýurt agenti” diýilýän kanunynyň şertlerini bozmakda aýyplanyp, tussaglykda saklanýar.

“Russiýanyň häkimiýetleri ýalňyş tussag edilen Alsu Kurmaşewa garşy gözgyny jenaýat işini alyp barýarlar. Diňe bir Amerikan žurnalisti bolany üçin tussag edilen we adalatsyz çemeleşilýän Alsunyň tussaglyk hökümi ýene-de uzaldyldy” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýerine ýetiriji prezidenti Stewen Kapus beýanat bilen çykyş etdi.