Russiýanyň Sibir sebitindäki türmede gynalan asly merkezi aziýaly Tahirjon Bakiýew, Irkutsk regionynyň 2-nji belgili düzediş koloniýasynda öli tapyldy.
Bakiýewiň gyz dogany Nargiz Bakiýewanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türme resmileri oňa 6-njy fewralda jaň edip, doganynyň özüni asandygyny aýdyp, jesedini hem alyp gitmegini sorapdyrlar.
Merhum türmeden ýollan soňky hatynda, “parhsyz adamlary” türmede özüniň gynalmagynyň netijelerine hemaýat bermegi sorapdy, şeýle-de tussaglykda hamala “öz-özüni heläklän ýaly” bolup, “bu ýerde ölmek” islemeýändigini nygtapdy.
Geçen ýylyň fewralynda Irkutskyň sudy 2021-nji ýylyň ýanwarynda Bakiýewiň urlup, gynalyp we jynsy taýdan zorlanmagy bilen ilteşikli ozalky türme sakçysy we onuň iki şärigini günäli tapyp, her birini bäş ýyl tussaglyga höküm edipdi.