Russiýanyň Ukraina çozuşyndan bäri geçirilýän ilkinji Duma saýlawlary: Olar barada nämeleri bilmeli

Putiniň ady Döwlet dumasynyň saýlaw býulleteninde ýok, ýöne onuň "Bitewi Orsýet" partiýasynyň parlamentde agalyk ediji ornuny saklap galmagyna garaşylýar.

Russiýalylar 2022-nji ýylda Ukraina garşy başlanan giň gerimli çozuşdan bäri ilkinji gezek parlamentiň 450 orunlyk aşaky palatasyna dalaşgärler üçin ses bererler. Berk gözegçilik edilýän saýlawlar barada bilinmeli bäş fakt.

Döwlet eýeçiligindäki "Rossiýa" telekanalynyň ýerli bölümi geçen aý Moskwanyň günorta-gündogaryndaky kiçijik şäherde, Rýazanda ýerli syýasatçylaryň altysynyň gatnaşmagynda telewideniýe çekişmesini gurnady. Olar şu hepdäniň ahyrynda başlanjak saýlawlarda Döwlet dumasyndaky orunlara dalaş edýän syýasatçylar.

Hiç kim gelmedi.

Telekanal şol günüň ertesi ýene bir synanyşyk etdi.

Emma ýene-de hiç kim gelmedi.

Rýazandaky waka rus jemgyýetçiliginde 2022-nji ýylda Ukraina garşy başlanan giň gerimli uruşdan bäri geçirilýän ilkinji milli parlament saýlawlarynyň öň ýanyndaky hal-ahwaly görkezýän kiçijik bir mysal bolup durýar. Uruş 1,5 milliondan gowrak rus esgeriniň ölümine ýa-da ýaralanmagyna getirdi. Ýurt polisiýa awtoritarizminiň gurulmagyna tarap ýola düşdi.

Döwlet dumasy baradaky illýuziýalary saklanyp galan adamlar az: sebäbi ol hakyky demokratik kanun çykaryjylyk platformasy bolmagyny bireýýäm bes edip, prezident Wladimir Putiniň we onuň administrasiýasynyň tagallalary bilen, hökümet kararlaryny kabul edýän gurama öwrüldi.

Eýsem, umuman saýlaw geçirmek näme üçin gerek? Bu proses bize Orsýet we Ukrainadaky uruş barada näme aýdyp biler?

Ine, 18-nji sentýabrda başlanýan üç günlük ses berişlikden öň bilmeli bäş fakt.

Uruş döwründäki (Özygtyýarly) Demokratiýa

Bu Orsýetde 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlanan uruşdan bäri geçirilýän ilkinji saýlawlar däl.

1999-njy ýyldan bäri ýurduň esasy syýasy şahsyýeti bolan Putin 2024-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda resmi taýdan oppozisiýa hasaplanylýan, ýöne hakykatda esasan Kremle tabyn bolan partiýalardan üç dalaşgäri ýeňip, ynamly ýeňiş gazandy.

Ses berişligiň netijesi ol başlamazyndan öň hem belli bolup, hiç hili güman döretmedi. Ýöne, jemleýji sanlar, ozaly bilen prezident administrasiýasy, içerki syýasy ulgamdaky kanunylyk görnüşini saklamaga jogap berýän täsirli gurluş tarapyndan ýakyndan gözegçilik edilýän beýleki faktorlary hem gizledi.

Mysal üçin, saýlawlara gatnaşygy alyp göreliň. Ses berişlige gatnaşygyň pesligi saýlawçylaryň geçirilýän saýlawa bolan biperwaýlygyny görkezýär we biperwaýlyk Kremliň we tutuş syýasy ulgamyň kanunylygy üçin howply bolup durýar.

“Bu saýlawlar Kreml üçin möhüm, sebäbi olar režimi we onuň Ukraina garşy alyp barýan urşuny resmi taýdan kanunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, jemgyýetçiligiň Kremliň harbylaşdyrylan syýasy ugruny öňküleri ýaly goldaýandygyny görkezýär” diýip, Londonda ýerleşýän “Chatham House” ylmy merkeziniň ylmy işgäri Nataliýa Kowalýewa öz pikirini aýtdy.

"Kreml harby hereketlere jemgyýetçilik goldawyny berkitmek bilen barha artýan nägileligi ýa-da uruşdan ýadawlygy ýüze çykaryp biljek ýagdaýyň, ýagny saýlawlardan gaça durmagyň arasynda kyn deňagramlylygy tapmaga synanyşýar" diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Mobilizasiýa bolarmy?

Ses beriş prosesiniň ýokarsynda berilmedik bir sorag asylyp galýar: saýlawlardan soň Ukrainada söweşýän goşunyň kuwwatyny artdyrmak, esgerleriň üstüni ýetirmek üçin täze mobilizasiýa bolarmy?

Putin 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda mobilizasiýa yglan edip, takmynan 300,000 esgeri (esasan rezerwçileri) çagyranda, bu ýurdy aňk eden waka boldy we ýüzlerçe müň adamyň Russiýany terk etmegine getirdi.

Ukrainada "ýörite harby operasiýa" diýlip atlandyrylýan urşa gatnaşan rus harby gullukçylary Gyzyl meýdanda Ýeňiş güni paradyna gatnaşýar. Moskwa, 9-njy maý, 2026-njy ýyl.

Rus goşunlary, uruş başlanaly bäri geçen on sekiz aýdan soň, ägirt uly ýitgi çekmeklerini dowam etdirýärler. Britaniýanyň ýokary derejeli harby resmisi geçen hepde Ukrainada azyndan 500,000 rus esgeriniň öldürilendigini aýtdy. Beýleki maglumatlara görä, ýene-de azyndan bir million adamyň ýaralanandygy, olaryň köpüsiniň hiç haçan gulluk ýerine gaýdyp gelmejekdigi aýdylýar

Harby gulluk bölümleri, esasan ýokary tölegler sebäpli, fronta gitjek meýletinçileri tapmagy başarýarlar; käbir ýagdaýlarda bir gezekde berilýän tölegiň möçberi bir ýyllyk aýlygyň möçberinden hem geçýär. Söweşde wepat bolanlaryň dul galan aýallaryna we maşgala agzalaryna tölenmeli pullaryň hem möçberleri az däl.

Ýöne, bu çykdajylar sebitleriň bir toparynyň býujetlerini boşadýar we ýerli häkimiýetler üçin çynlakaý maliýe kynçylyklaryny döredýär. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň rus goşunlaryna urýan agyr zarbalarynyň we çekdirýän ýitgileriniň dowam etmegine garamazdan, täze alynýan rus esgerleriniň sany gitdigiçe azalýar.

Soňky aýlarda Döwlet dumasyna geçirilen saýlawlardan soň, Putiniň konflikti has-da möwjedip, täze mobilizasiýa tolkunyny yglan etmek ähtimallygy baradaky çaklamalar ýygy-ýygydan orta atylýar.

"Şu günlükçe mobilizasiýa talap edýän hiç bir ssenariýa ýok" diýip, Putin şu aýyň başynda Wladiwostokda geçirilen maýa goýumlary forumynda aýtdy.

Bu ýerde esasy söz "şu günlükçe".

"Bu saýlawlar, meniň bilişime görä, uruş boýunça milli sala salyşlyk bilen Kremliň syýasatyna berilýän bahanyň arasyndaky bir ýagdaýy görkezýär" diýip, Aleksandr Kolýandr belleýär.

"Beýleki tarapdan, bu býurokratiýanyň milli derejedäki gözden geçirilmesiniň bir görnüşidir: resmiler kadaly durmuşyň keşbini nähili derejede saklap bilýärler we, men bu ýerde häkimlerden başlap, mekdep mugallymlaryna çenli tutuş býurokratik apparatyň ähli zadyň gowy geçmegini nähili üpjün edip bilýändigini nazarda tutýaryn" diýip, ol geçen hepde geçirilen tegelek stol söhbetdeşliginiň başynda nygtady.

Ruslar bäş ýyl bäri dowam edýän uruşdan, ykdysadyýetiň haýallamagyndan barha köp nägile bolýarlar.

Uruş weteranlary saýlawlara gatnaşýar

Bu uruş hereketlerine gatnaşan weteranlaryň uly böleginiň ses berýän ilkinji milli saýlawy bolar.

Kreml öz goldaw bazasyny, bölekleýin, fronta meýletin gatnaşan raýatlara hödürlenýän ägirt uly ykdysady ýeňilliklere daýanyp gurdy.

Ýüzlerçe müň erkek Ukrainadaky uruşda söweşdi, diri galdy we söweşde taplanyp, hormat-sylaga we jomartlyk bilen edilen töleglere endik edip, öýlerine gaýdyp geldi. Olaryň arasynda urşa gatnaşmagyň deregine türmeden boşadylan howply jenaýatçylar hem bar.

Orsýetiň Ukraina urşunyň weteranlary diňe Döwlet dumasynyň saýlawlaryna däl, sebit saýlawlarda hem gatnaşýarlar.

Prezident diwany iki ýyl mundan ozal, adminstrasiýabaşlygynyň birinji orunbasary Sergeý Kiriýenkonyň ýolbaşçylygynda "Gahrymanlar döwri" maksatnamasyny işe girizdi. Onuň maksady weteranlary döwlet gullugyna taýýarlamak ýa-da dalaşgär hökmünde wezipä dalaş etmäge taýýarlamakdan ybarat.

Putin weteranlary Orsýetiň "täze elitasy" diýip atlandyrdy.

"Gahrymanlar döwri" maksatnamasynyň netijeleri dürli-dürli boldy.

Emma muňa garamazdan, azyndan 200 weteran Döwlet dumasynyň saýlawlaryna gatnaşmak hukugyny aldy we ýene 1400 çemesi weteran sebit we ýerli derejelerde saýlawly wezipelere dalaşgär bolmak hukugyna eýe boldy.

Kremliň weteranlar babatynda aladasyny artdyran ýene bir faktor bolsa, Sowet Soýuzynyň Owganystana goşun girizmeginden soň bolan wakalar bilen bagly, şonda harby gullukdan boşadylan müňlerçe esger öýlerine gaýdyp geldi we, Sowet Soýuzynyň dargamagynyň fonunda, çynlakaý sosial meseleleriň çeşmesine öwrüldi.

Nähili ses berilýändigi däl, sesleriň nähili sanalýandygy möhüm

Orsýetdäki saýlawlar köp ýyllaryň dowamynda berk gözegçilik astynda geçirildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda garaşsyz synçylar we statistik bilermenler ses beriş netijeleriniň, görnüşinden, islenilýän netijäni gazanmak üçin, galplaşdyrylan halatlarynyň köp ýagdaýyny hasaba aldylar.

Başga-da dürli galplyklar, hile-mekirliklere ýüz uruldy: mysal üçin, "karuseller" (şol bir saýlawçylaryň birnäçe gezek ses bermekleri üçin bir saýlaw uçastogyndan beýlekisine awtobus bilen äkidilmegi) usuly ýa-da, aýdaly, döwlet işgärlerini belli bir dalaşgäre ses bermäge mejbur etmek üçin basyşa sezewar etmek ýa-da olaryň satyn alynmagy.

Häzirki wagtda Orsýetde garaşsyz synçylar ýa gözegçiler ýok. Häkimiýetler iň meşhur rus guramalarynyň biri bolan "Golosyň” hem işini gadagan etdiler. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly daşary ýurt guramalaryna ýa-da Ýewropa ýa-da Amerikanyň syýasy partiýalary bilen baglanyşykly guramalara rus saýlawlaryna syn etmek mümkinçiligi köp ýyllaryň dowamynda berilmän gelýär.

Beýleki toparlar, mysal üçin, korrupsiýa garşy göreşen syýasatçy, merhum Alekseý Nawalny tarapyndan döredilen syýasy gurama hem bikanun diýlip yglan edildi y ýa-da ýurtdan gysylyp çykaryldy.

"Elbetde, olaryň kän azap etmezden islendik netijäni gazanyp biljek sebitleri bar" diýip, "Golos" hereketiniň öňki başlygy Stanislaw Andreýçuk "Current Time" neşirine aýtdy. "Emma olaryň islenýän netijäni gazanyp bilmejek sebitleri hem bar - hatda ol ýerlerde muny etmek üçin zerur bolan [kandidatlar] topary hem toplatmaz".

"Häkimiýetlerde islenýän netijäni gazanmak üçin saýlaw galplaşdyrmasynyň ähli mümkinçiliginiň bardygy belli zat" diýip, syýasatşynas Ruslan Aýsin hem öz pikirini aýtdy.

Jemgyýetçilik pikirini soramak kyn bolsa-da, käbir barlaglar urşa bildirilýän halk goldawynyň görnetin azalandygyny, şeýle-de, Putiniň reýtinginiň pese gaçandygyny görkezdi.

Putiniň ady Döwlet dumasynyň saýlaw býulleteninde bolmasa-da, ol häkimiýet başyndaky "Bitewi Orsýet" partiýasynyň saýlaw kampaniýasyny geçirýär we, meşhurlygy pes bolsa-da, bu partiýanyň parlamentde agalyk ediji ornuny saklap galmagyna garaşylýar.

Oppozisiýa barada näme aýdyp bolar?

Russiýanyň "özygtyýarly demokratiýasy" - "dolandyrylýan demokratiýa" konsepsiýasynyň bir görnüşi boýunça oppozisiýa partiýalaryna saýlaw syýasatyna gatnaşmak rugsady berilýär, ýöne bu diňe hökümet rugsat beren halatynda şeýle edilýär.

Netijede, Kommunistik partiýa ýaly, "ulgamdaky" oppozisiýa partiýalary ýagdaýy emele gelýär, olar sözde hökümet bilen ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar, emma hakykatda hökümet kanunlaryna ses berýärler.

"Ýabloko" partiýasynyň tarapdarlary 2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda Moskwada Orsýetiň Ýokary sudunyň öňüne ýygnandy.

Ýene bir partiýa, liberallaryň uzak wagtlap lideri bolan "Ýabloko" bar. Bu partiýa 2000-nji ýyllaryň ortalaryndan bäri Dumada wekilçilik etmese-de, rus jemgyýetindäki dartgynlylygy gowşatmak üçin, ol özboluşly basyş düwmesi bolup hyzmat etdi. Mysal üçin, urşa garşy çykýan ruslar "Ýabloko" partiýasyna ses berip, öz garşylyklaryny bildirip bilýärdiler.

Emma häkimiýetler bu gezek töwekgelçilige ýüz urmadylar. Moskwa sudy geçen aý birnäçe çylşyrymly kanuny şikaýatlara salgylanyp, bu partiýany saýlawlardan çykardy.

“Biz “Ýabloko” partiýasynyň özüniň beýle köp saýlawça wekilçilik etmeýändigine düşünýäris, ýöne onuň gün tertibi gaty köp adamy birleşdirýär” diýip, oppozisiýa işjeňlikleri üçin türmä basylan syýasy aktiwist Andreý Piwowarow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Belki, olar öň "Ýabloko" barada bilmeýärdiler ýa-da bu guramany goldamaýardylar, ýöne onuň "Parahatçylyk üçin" mowzugyna uly isleg bildirilýär. "Ýabloko" urşa garşy çykýan ýeke-täk partiýa. Bu ähli oppozisiýa güýçlerini töweregine ýygnanan ýeke-täk partiýa" diýip, ol öz pikirini jemledi.

Moskwanyň göreldesine eýeren sebitler hem boldy, olar “Ýabloko” partiýasynyň ýerli saýlawlara dalaşgär hödürlemegini gadagan etdiler.

Häkimiýetler başga bir garaşsyz dalaşgäri, iki ýyl mundan ozal urşa garşy çykyp, Putine garşy durmaga synanyşan we şu ýylky Duma saýlawlarynda hem şeýle etmekçi bolan Boris Nadeždini hem ýanadylar.

Güýç edaralary bu synanyşygyň öňüni almak üçin şu tomusda oňa garşy birnäçe jenaýat çäresini ulandylar. Geçen aý ol Russiýadan gaçyp çykdy häzir Fransiýada ýaşaýar.

"Sistematik däl" diýlip atlandyrylýan syýasy guramalaryň arasynda Putiniň merhum garşydaşy Alekseý Nawalnynyň topary hem bar. Onuň dul galan aýaly Ýuliýa Nawalnaýa, şeýle-de häzir ýurt daşynda bosgunlykda ýaşaýan beýleki belli rus oppozisiýa wekilleri, estafetany kabul etdiler.

Nawalnaýa we başga bir oppozisiýa wekili Maksim Katz 14-nji sentýabrda, Ukrainadaky urşa garşy çykandyklary üçin goldaýan dalaşgärleriniň sanawyny çap etdiler.