Russiýanyň 9-njy fewrala geçilýän gije Ukrainanyň Harkiw oblastynyň Bogoduhow şäherine dronlar bilen uran zarbasy netijesinde bir zenan we 10 ýaşly çaga heläk boldy. Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy üç adamyň şikes alandygyny aýtdy.
Öten agşam Odessa garşy amala aşyrylan howa hüjüminde 35 ýaşly ýerli ýaşaýjy öldi, iki adam ýaralandy diýip, şäher administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak aýtdy. Hüjümde ýaşaýyş jaýlaryna hem zeper ýetdi.
Dnipropetrowsk oblastynyň Nikopol we Sinelnikow etraplarynda howa zarbalarynyň we ok atyşyklaryň netijesinde dokuz adam ýaralandy.
Kiýewde köp ýaşaýjy henizem ýylylykdan we elektrik üpjünçiliginden mahrum bolmagyna galýar. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski agşamky wideo-ýüzlenmesinde Kiýewde bir günüň dowamynda ýylynmak nokatlaryna tas dokuz müň adamyň ýüz tutandygyny aýtdy.