3-nji iýulda Haagada Russiýanyň Ukraina garşy urşunda edendigi aýdylýan jenaýatlaryny derňemek üçin halkara edara açyldy. Bu edara rus ýolbaşçylary üçin halkara tribunalyny döretmek babatynda ädilen ilkinji ädim hasaplanýar.
“Agressiýa jenaýatyny derňemek boýunça halkara merkezi” (ICPA) diýlip atlandyrylýan täze edara Ukrainanyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Halkara Jenaýat kazyýetiniň (ICC) prokurorlary girýär.
Rus goşunlarynyň 2022-nji ýylyň aprelinde Buça şäherinden çekilmegi netijesinde üsti açylan düýpli uruş jenaýatlary subutnamalaryndan soň, Kiýew halkara tribunalynyň döredilmegine çagyryp gelýär.
Kiýew sebitiniň Buça şäherinde 2-nji iýulda açylan ýadygärlikde rus goşunlarynyň Buçanyň basylyp alnan wagtynda öldüren 501 ýaşaýjysynyň ady görkezilýär.