Russiýanyň Ukrainadaky soňky hüjümlerinde bir raýat öldürildi, 16-sy ýaralandy

Herson sebitindäki Beryslaw hassahanasy.

Russiýanyň Ukrainada eden soňky harby hüjümlerinde bir parahat ýaşaýjy öldi we on alty adam ýaralandy diýip, resmiler 25-nji oktýabrda aýtdylar.

Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitine irden edilen howa hüjüminde bir ýerli ýaşaýjy öldürildi diýip, ýerli häkim Oleksandr Prokudin telegramda habar berdi.

Kiýew geçen noýabrda rus güýçlerini birnäçe aýlap basyp alan ýerlerinden, Herson sebitiniň bir böleginden çykaryp kowdy. Ýöne rus goşunlary sebit paýtagtyny we onuň töweregini Dnieper derýasynyň aňry ýüzünden üznüksiz topa tutmaklaryny dowam etdirdiler.

Prokudin rus güýçleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda Herson sebitine howadan 35 gezek hüjüm edendiklerini aýtdy.

Ýerli resminiň irden beren maglumatyna görä, Russiýanyň urlup ýykylan pilotsyz uçarynyň galyndylary Ukrainanyň günbataryndaky Hmelnytskiý sebitinde bir möhüm infrastruktura desgasyna zyýan ýetirdi.

Şeýle-de, Hmelnytskiý sebitiniň ýokary derejeli resmisi Serhiý Týurin telegramdaky ýazgysynda partlama tolkunynyň ýaşalmaýan desgalara, ýaşaýyş jaýlaryna we ulaglara zyýan ýetirendigini, azyndan 16 adamyň dürli derejede ýaralanyp, lukmançylyk kömegini almaly bolandygyny aýtdy.

Ukrain goşuny facebookda Ukrainanyň howa goragy ulgamlarynyň öten agşam Ukraina uçurylan 11 rus pilotsyz uçarynyň ählisini ýok edendigini aýtdy.

Urşy öwreniş instituty (ISW) 24-nji oktýabrda çap eden hasabatynda Russiýanyň indi Eýranda öndürilen “Şahed” dronlaryna derek has arzan we has ýeňil, ýurt içinde öndürilen pilotsyz uçarlara bil baglaýana çalym edýändigini aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 25-nji oktýabrda çap eden gündelik hasabatynda aýdylmagyna görä, geçen bir günüň dowamynda iki tarapyň arasynda “80 söweş çaknyşygy” boldy.

Şeýle-de, hasabatda ukrain güýçleriniň gündogar Donetsk sebitiniň gündogaryndaky Awdiýiwkada we onuň töwereginde, rus bombalamalary netijesinde tasdan doly harabalyga öwrülen ýerde 10-dan gowrak hüjümi yzyna serpikdirendigi aýdylýar.

Rus güýçleri 24-nji oktýabrda Awdiýiwka güýçli zor saldylar, ýöne agyr ýitgiler olary howa hüjümlerine geçmäge we ýerüsti ilerlemelere az bil baglamaga mejbur etdi diýip, ukrain resmileri aýtdy.

"Duşman iki gijäniň dowamynda 40 töweregi ugrukdyrylýan howa bombasyny taşlady. Ýöne ýerüsti hüjümlerini welin, düýnki we ondan bir gün öňki hüjümleriniň ýarysyna çenli azaltdy” diýip, Ukrainanyň günorta güýçler toparynyň metbugat sekretary Oleksandr Ştupun ukrain teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

"Muny geň görmeli däl, sebäbi duşman soňky bäş günüň dowamynda Donetsk sebitinde 2400 töweregi ölen ýa ýaralanan adam ýitgisini çekdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, ölenleriň köpüsi Awdiýwkanyň we onuň alkymyndaky Marýinka şäheriniň golaýynda heläk boldy.

Awdiýiwkanyň harby administrasiýasynyň başlygy Witaliý Barabaş bu şäheriň üznüksiz artilleriýa we howa hüjümlerine sezewar bolýandygyny aýtdy.

"Duşman şäheriň daşyny gabap almaga çalyşýar, demirgazykdan we günortadan täze güýçlerini getirýär" diýip, Barabaş 24-nji oktýabrda ukrain teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

"Olar iki gün bäri esasan kiçi toparlara bölünip hereket etdiler, gorag liniýalarymyzdan sep tapmaga çalyşdylar, emma bu netije bermedi. Goranyş liniýasy berk saklanýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.