Russiýanyň Ukrainadaky urşuna garşy goşgy okan iki adam türmä höküm edildi

Artýom Kamardin (çepde) we Ýegor Ştowba suduň zalynda. 27-nji dekabr

28-nji dekabrda Moskwanyň sudy Russiýanyň Ukrainadaky alyp barýan urşuny ýazgarýan goşgulary okany üçin, Artýom Kamardini we Ýegor Ştowbany “çydamsyzlygy öjükdirmekde we hökümete garşy hereketlere çagyryş etmekde” diýen aýyplamada günäli tapyp, degişlilikde ýedi we 5.5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Suduň karary yglan edilenden soň, goldawçylar “Utanç!” diýip gegyrdylar. Polisiýa olaryň birnäçesini tussag etdi.

Maýyň başynda ýene başga bir şahyr Nikolaý Daýneko, meňzeş aýyplamalar esasynda, dört ýyl tussaglyga höküm edilipdi. Ol soňundan derňew bilen hyzmatdaşlyk etmäge razy boldy.

Gürrüňi gidýän şahslaryň üçüsi-de geçen sentýabrda, haçanda urşa garşy goşgularyny köpçülige ýetirenlerinden soň, tussag edilipdiler.