Russiýanyň urlan drony Rumyniýanyň territoriýasyna gaçdy – Goranmak ministrlik

Odesanyň regional häkimi hüjümde Danube portundaky iki däne ammaryna hem zeper ýetendigini aýtdy. (arhiw suraty)

Russiýanyň 14-nji dekabrda Ukrainanyň Danube port infrastrukturasyna atan dronlarynyň urulmagy netijesinde, pilotsyz söweş enjamyň biri Rumyniýanyň territoriýasyna gaçdy.

Bu barada Rumyniýanyň Goranmak ministrligi mälim edip, dronyň gaçmagy sebäpli Grindu obasynyň golaýynda 1.5 metrlik çukuryň emele gelendigini hem aýtdy.

Ministrligiň beýanatynda munuň yzy bilen, Rumyniýanyň F-17 we onuň NATO boýunça ýarany Germaniýanyň Eurofighter kysymly söweş uçarlarynyň gözegçilik üçin Rumyniýanyň howa giňişligine galdyrylandygy aýdylýar.

Dronuň gaçan ýerinde derňew işleri başlandy.

Ministrlik ýurduň Russiýanyň Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna edýän hüjümlerini ýazgarýandygyny hem nygtady.