Russiýanyň Uzak Gündogarynda bolan dikuçar heläkçiliginde dört adam öldi

Russiýanyň kartasy

Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Amur sebitinde bolan dikuçar heläkçiliginde dört adam öldi diýip, rus resmileri 21-nji iýunda habar berdiler.

Russiýanyň Transport boýunça derňew komiteti dikuçaryň ýitirim bolmazdan öň, 20-nji iýunda Amurdaky agajy gaýtadan işleýän zawoddan uçup, Dželtula derýasyna tarap barýandygyny aýtdy.

112-nji Telegram kanaly bir günden gowrak dowam eden gözleg işlerinden soň, dikuçaryň galyndylarynyň 21-nji iýunda taýgada tapylandygyny we heläkçilikde pilotyň we üç ýolagçynyň ölendigini habar berdi.

Häkimiýetler heläkçilige nämäniň sebäp bolandygyny anyklamak boýunça derňew geçirip başlady.