22-nji martda Russiýanyň Ukraina uran zarbalarynyň netijesinde, ýurduň Dnepr derýasynyň boýundaky Zaporižýa sebitinde ýerleşýän iň uly DniproHES bendine urgy gelip düşdi diýip, döwletiň eýeçiligindäki Ukrhydroenerho kärhanasy mälim etdi.
Emma ondan suwuň böwüsmegi boýunça bada-bat howpuň ýokdugy bellenildi.
Beýanatda bentde ýangynyň dörändigi, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklaryň hem ol ýerde iş alyp barýandygy aýdylýar. Ukrhydroenerho kärhanasy “ýagdaýlaryň kontrol astyndadygyny” aýtdy.