Sankt-Peterburg polisiýasy bazarlara reýd geçirip, 49 migranty tussag etdi

Bezeg suraty

Sankt-Peterburgda polisiýa lomaý söwda bazarlaryna reýd geçirdi we, immigrasiýa kanunlaryny bozandygy üçin diýip, 49 migranty tussag etdi. Bu habary Sankt-Peterburg we Leningrad sebitleriniň içeri işler müdirlikleri çap etdi.

Reýdler Sofiýskaýa, Nepokorýonnyh we Petro-Slawýank köçeleriniň ugrundaky bazarlarda geçirildi. Polisiýa 350-den gowrak migrantyň resminamalaryny barlady, olaryň 49 sanysy polisiýa bölümine alnyp gidildi.

Bu adamlar Administratiw hukuklar kodeksiniň 18.8-nji maddasynyň 3-nji bölümi ("Daşary ýurt raýatlarynyň Russiýa Federasiýasyna girmek düzgünlerini ýa-da galmak düzgünini bozmagy") boýunça jogapkärçilige çekildi.

Şeýle-de, polisiýa işgärleri daşary ýurtlularyň ulanýan 242 awtoulagyny barlady; alty sürüji ýol düzgünini bozandygy üçin administratiw jogapkärçilige çekildi.