Saýtlaryň petiklenmegi, tankytçylaryň hasaplaryna hüjümler: Merkezi Aziýada sanly repressiýalar nähili güýçlenýär

Illýustrasiýa suraty

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetleri öz tankytçylaryna garşy sanly repressiýalary güýçlendirýärler. Bu barada halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar. Olaryň maglumatlaryna görä, sebitde garaşsyz žurnalistlere, jemgyýetçilik aktiwistlerine we aklawçylara garşy onlaýn yzarlamalar guralýar.

Wideo (rus dilinde): Adam hukuklaryny goraýjy toparlar: Merkezi Aziýada sanly repressiýalar güýçlenýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar duýduryş berýärler: Merkezi Aziýa ýurtlarynda islenmeýän adamlara garşy sanly basyş usullarynyň giň toplumy ulanylýar. Muňa neşirleriň saýtlaryny petiklemek, žurnalistleriň we jemgyýetçilik aktiwistleriniň sosial torlardaky sahypalaryndan ýazgylary aýyrmak, interneti öçürmek, hatda emeli aň esasly tehnologiýalar arkaly gözegçilik etmek hem girýär.

“Soňky döwürde häkimiýetler internetdäki tankydy pikirler üçin jenaýat jogapkärçiligine has ýygy ýüz urýarlar. Munuň üçin bulaşyk aýyplamalar ulanylýar. Mysal üçin, ýalan maglumat ýaýratmakda ýa-da boýun egmezlige we duşmançylygy öjükdirmäge çagyrmakda aýyplaýarlar. Bu tejribeler dezinformasiýa garşy göreşiň sanly giňişlikde kanuny tankydy basyp ýatyrmak üçin nähili ulanylýandygyny görkezýär” diýip, Merkezi Aziýanyň adam hukuklaryny goraýjy guramalarynyň bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň pikirine görä, ulanyjylaryň döwlet propagandasynyň beýanyndan tapawutlanýan maglumatlara elýeterliligini çäklendirmäge synanyşýarlar. Bu aýratyn-da häkimiýetdäki korrupsiýa, zenanlaryň hukuklary ugrundaky göreş we Ukrainadaky uruş bilen bagly temalara degişli.

Gazagystanda Respublika.kz neşiriniň saýty petiklendi, Gyrgyzystanda bolsa Kloop media platformasynyň ähli materiallary “ekstremistik” diýlip ykrar edildi.

Özbegistanda we Täjigistanda žurnalistler yzarlamalara sezewar bolýar. Özbegistanda aktiwist we bloger Şohida Salomowa mejbury ýagdaýda psihiatriýa hassahanasyna ýerleşdirildi. Täjigistanda bolsa häzirki wagtda türmede rekord derejede köp žurnalist we bloger bar. Olar öz materiallary üçin ar almak maksady bilen öňe sürlen aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Türkmenistanda hereket edýän doly senzura garaşsyz saýtlaryň yzygiderli petiklenmegine getirdi, çäklendirmeleri aýlanyp geçmek üçin VPN hyzmatlaryny ulanmak bolsa kynlaşdyryldy.

“Adamlar tankydy çykyş edýänleri asla eşitmesin diýen synanyşyk bar. Şonuň üçin biz akkauntlardan materiallaryň aýrylýandygyny görýäris” diýip, Astanadaky “Hukuk media merkezi” fondunyň direktory Diana Okremowa aýdýar. “Ýok zady hemişe suratlandyryp bolmaýar. Ýagny, “patyşanyň geýimsizdigini” adamlar barybir görýärler. Şonuň üçin bu propaganda işlemeýär.”

Gazagystanyň neşirleriniň baş redaktorlary özlerine garşy “täsir güýçleri” tarapyndan edilýän basyşlar, žurnalistleri abraýdan düşürmek boýunça giň gerimli kampaniýalar we internetdäki köpçülikleýin yzarlamalar barada açyk gürrüň berýärler.

Internetde garaşsyz žurnalistleriň halkara fondlardan millionlarça dollar alýandygy baradaky galp wideolar ýaýradylýar. Mysal üçin, Gyrgyzystanda 2024-nji ýylda “daşary ýurt wekilleri” baradaky kanunyň kabul edilmegi jemgyýetçilik aktiwistleriniň daşary ýurt bähbitlerine hyzmat edýändigi baradaky beýanatlar bilen utgaşdy. Emma bu islenilen netijäni bermedik ýagdaýynda başga usullar ulanylýar.

“‘Makalany aýyr, sözbaşyny üýtget, suraty poz, ýogsam saňa görkezeris’ diýip, maňa birnäçe gezek duýduryş berdiler. Meniň suratymy, adymy we telefon belgimi intim hyzmatlary saýtyndaky galp profilde ýerleşdirdiler. Birnäçe gündür telefonym biabraý tekliplerden ýaňa dynman jaň edýär, tanyşlarym hem jaň edip, näme bolandygyny soraýarlar. Men bolup geçen ýagdaýy hemmelere düşündirmäge mejbur bolýaryn. Bu jenaýatyň buýrujysy, görünýänine görä, ellerini owkalap otyrandyr. Sanly hüjüm üstünlikli boldy” diýip, nobatdaky kiberhüjümden soň Gazagystanyň “Ulysmedia” neşiriniň baş redaktory Samal Ibraýewa aýdypdy.

Intim hyzmatlary baradaky saýtlarda beýleki garaşsyz žurnalistleriň we hatda jemgyýetçilik aktiwistleriniň hem kontakt maglumatlary wagtal-wagtal peýda bolýar. Olar şeýle sanly ar alyşyň pidalaryna öwrülýärler.

“Biz sanly döwlete geçýäris, ýöne şol bir wagtda bu sanly döwlet dolandyrylýan we gözegçilik edilýän bolmaly diýen düşünje bar - edil söz azatlygymyzyň dolandyrylyşy ýaly. Şonuň üçin biz jemgyýetçilik aktiwistleriniň hem, žurnalistleriň hem yzarlanýandygyny görýäris. Esasan hem jemgyýetde ýiti reaksiýa döredip biljek tankydy materiallary çap edýänler yzarlanýar” diýip, Diana Okremowa hasap edýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetlerine ýüzlenip, adam hukuklary boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, raýat jemgyýetiniň wekillerini gorkuzmagy we yzarlamagy bes etmäge çagyrýarlar. Şeýlelikde adamlar internetdäki azatlyklaryndan peýdalanyp bilerler.

Beýannamanyň awtorlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlaryny hem onlaýn senzura, kiberhüjümler, gözegçilik tehnologiýalarynyň hyýanatçylykly ulanylmagy, internetdäki pikir beýanlary üçin yzarlamalar we sanly raýat giňişligine girizilýän beýleki çäklendirmeler baradaky aladalary yzygiderli beýan etmäge çagyrýarlar. Adam hukuklaryny goraýjylar halkara jemgyýetçiliginden Merkezi Aziýanyň garaşsyz raýat jemgyýeti guramalaryna we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine goldaw bermegi haýyş edýärler.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň pikirine görä, global sosial media platformalary kanuny pikir beýanlaryny çäklendirmäge gönükdirilen ýagdaýynda, utgaşdyrylan şikaýatlar ýa-da hökümetleriň gönüden-göni haýyşlary esasynda çäre görmekden saklanmalydyr.