Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) üçünji gün geçiren nobatdan daşary maslahatynda guramanyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine Nökerguly Atagulyýew saýlandy diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrmazdan habar berýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, habarda aýdylmagyna görä, bu günki gün ýurduň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär.
Bu gurama uzak ýyllar, 2020-nji ýylyň başynda wezipesinden boşadylýança, il içinde "prezidentiň gapjygy" diýlip tanalýan Aleksandr Dadaýew ýolbaşçylyk etdi.
Degişli maglumat TSTB-ä başlyk saýlandy: çeşme ýurtdaky krizis wagtynda daşaryk çykarylan pullaryň derňelýändigini aýdýarTäze başlyk Nökerguly Atagulyýew habarda tejribeli döwlet işgäri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Ol 2007-2010-njy ýyllarda söwda ministri, 2010-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň BAE we Täjigistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, 2012-2013-nji ýyllarda bolsa Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işläpdir.
Habarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ozalky başlygy Döwran Hudaýberdiýew barada hiç zat aýdylmaýar.
Synçylar TSTB-niň monopoliýasynyň ýurtda orta we kiçi telekeçiligiň ösmegine uly böwet basýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň 'gapjygy' diýlip tanalan A.Dadaýewiň indiki derejesi 'tussag' hem bolup biler