Serdar Berdimuhamedowa ýene bir hormatly at dakyldy

Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylandygyny yglan etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa Ministrler kabinetiniň 8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet baştutanyna hormatly at dakmak hakynda kabul edilen karary okap, oňa bu adyň saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin dakylandygyny nygtady.

Şeýle-de, Mejlisiň bu karary halk wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edendigi bellenýär.

Milli parlament kiçi Berdimuhamedowa 2017-ni ýylda “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi”, 2021-nji ýylda bolsa “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlary dakypdy.

Maglumat üçin aýdylsa, prezidentiň kakasy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly ada 2013-nji ýylda mynasyp bolupdy.

Degişli maglumat “Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun”. Türkmen prezidenti özüne sowgat berlen aty ogluna peşgeş berdi