Si Putine “Iki ýurduň ýakyn strategiki utgaşdyrmany saklandygyny” aýtdy

“Iki ýurduň arasyndaky syýasy özara ynam dowamly çuňlaşýar” diýip, Si Putine aýtdy.

Hytaý bilen Russiýa ýakyn we netijeli strategiki utgaşdyrmany dowam etdirmegi başardy we ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberi taryhy derejä ýetdi diýip, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin rus kärdeşi Wladimir Putine aýtdy.

“Iki ýurduň arasyndaky syýasy özara ynam dowamly çuňlaşýar” diýip, Hytaýyň “Sinhua” habar gullugy döwlet baştutanynyň sözlerini sitirledi.