Sibirli aktiwist Anastasiýa Ýemelýanowa Türkiýede öli tapyldy

Bezeg suraty

Sibiriň Nowosibirsk şäherinden bolan urşa garşy feminist aktiwist Anastasiýa Ýemelýanowa Türkiýäniň gündogaryndaky Erzurum şäherinde öli tapyldy diýip, onuň jorasy Anastasiýa Polozkowa 24-nji sentýabrda, giçlik habar berdi.

Polozkowanyň maglumatyna görä, türk polisiýasy güman edilýän Nizary, Ýemelýanowanyň siriýaly halaşýan ýigidini tussag etdi.

Ýakynda Türkiýä göçüp gelen Ýemelýanowa 20-nji sentýabrda ýitirim boldy.

Ol aýallaryň hukuklaryny goramakdaky we maşgaladaky zorlugy togtatmak ugrundaky tagallalary bilen tanalýardy. Şeýle-de, ol Russiýanyň Ukraina uly goşun sürmegine garşy çykyş etdi.