Slowakiýanyň geçen hepde ýaralanan premýer-ministri Robert Fitsonyň ýagdaýy kadaly we ol gowulaşýar diýip, oňa seredýän lukmanlar 20-nji maýda mälim etdiler. 15-nji maýda Fitso edilen ýaragly hüjümde, oňa dört ok degipdi.
“Syrkawyň ýagdaýy kadalaşýar” diýip, Slowakiýanyň merkezi Banska Bystrisa şäheriniň keselhanasy mälim etdi.
Premýer-ministriň orunbasary Robert Kalinakyň 19-njy maýda aýtmagyna görä, Fitsony paýtagt Bratislawanyň keselhanasyna geçirmek üçin onuň ýagdaýy entegem gaty agyr bolmagyna galýar.