Slowakiýada saklanan täjik aktiwisti ekstradisiýa töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Amriddin Holmurodow 

Geçen ýylyň fewral aýynda Slowakiýada tussag edilen täjik aktiwisti Amriddin Holmurodow öz ýurduna ekstradisiýa edilmek töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar, ol ýerde onuň gynalmalara we beýleki ýowuzlyklara duçar bolmagy mümkin diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Ukraina-Slowakiýa serhedinden geçende tussag edilen 37 ýaşly Amriddin Holmurodow Slowakiýanyň ikinji uly şäherinde, Koşitsedäki deslapky tussaghanada saklanylýar.

Holmurodowyň garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, eger-de ekstradisiýa edilse, sosial ulgamlarda täjik häkimiýetleriniň garşysyna aýdan ýiti tankydy pikirleri üçin, onuň berk jezalandyrylmagy mümkin.

Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan onlarça täjik aktiwisti we oppozisiýa goldawçysy, täjik häkimiýetleriniň "terrorçylyk" we "ekstremizm" aýyplamalary esasynda, gözlenilýän adamlaryň halkara sanawyna girizildi.