Sloweniýanyň hökümeti Palestina döwletini ykrar etdi, parlament indi tassyklamaly

Sloweniýanyň premýer-ministri Robert Golob

30-njy maýda Sloweniýanyň hökümeti Palestina garaşsyz döwletini ykrar etmek baradaky karary tassyklady. Bu barada premýer-ministri Robert Golob mälim etdi. Mundan öň, şular ýaly karary Ispaniýa, Irlandiýa we Norwegiýa kabul edipdi.

“Şu gün hökümet Palestinany garaşsyz we özygtyýarly bir döwlet hökmünde ykrar etmek kararyna geldi” diýip, Golob Lýublýanada guralan metbugat-ýygnagynda aýtdy.

Golaý günleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigine agza bu döwletiň parlamenti hem hökümetiň gelen kararyny tassyk etmeli bolar.