Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 22-nji noýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşuny bes etmegine we ol ýerdäki esgerleriniň ählisini yzyna çykarmaga çagyrandygyny aýtdy.
Putin 20-ler toparynyň geçiren onlaýn ýygnagyna Ukrainadaky uruş başlanaly bäri ilkinji gezek gatnaşdy.
"Men Putini Ukraina garşy edýän hüjümini bes etmäge hem-de Ukrainanyň çägindäki goşunlaryny yzyna çykarmaga çagyrdym, şeýle edilen ýagdaýynda bu uruş ahyrynda ap-aňsat soňlanardy" diýip, Şolz Berlinde žurnalistlere aýtdy.
Putin 20-ler toparyna bu urşuň "betbagtçylygyny" nädip soňlamalydygy barada oýlanmagyň zerurdygyny aýtdy.