Sowet döwrüniň dissidenti Skobow terrory aklamakda aýyplanýar

Aleksandr Skobow

Russiýanyň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgdaky kazyýet 4-nji aprelde Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuny ýazgarýan tanymal oppozisiýa aktiwistini, sowet döwrüniň dissidenti Aleksandr Skobowy azyndan 1-nji iýuna çenli deslapky tussaghanada saklamak barada karar çykardy.

Ol terrorçylygy aklamak synanyşygynda aýyplanýar.

Bu aýyplama Skobowyň Kerç köprüsinde, Russiýa tarapyndan 2022-nji ýylda basylyp alnan Krymda bolan partlama baradaky onlaýn ýazgylary bilen baglanyşykly.

2-nji aprelde tussag edilen 66 ýaşly erkek sud zalynda "Ukraina şöhrat! Putine, ganhora ölüm!” diýip gygyrdy we özüniň kazyýet zalyna diňe "kazyýetiň ýüzüne tüýkürmek" isleýändigi sebäpli gelendigini aýtdy.