"Sputnik-S" Starlink-e garşy: kosmosda ýadro ýaragy partladylsa näme bolar?

Russiýanyň «Soýuz» kosmos gämisi Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan uçurylyp goýberilýär. 2025-nji ýylyň aprelinde düşürilen arhiw suraty.

23-nji noýabrda Russiýanyň «Sputnik-S» atly ýadro ýaragly hemrany «ýakyn hepdelerde islendik wagt» kosmosa uçurmagy meýilleşdirýändigi barada habarlar peýda boldy. Ýadro ýaragydygy aýdylýan enjamyň bolsa birnäçe ýyl bäri Moskwa sebitinde saklanýandygy öňe sürülýär.

Kosmosyň harbylaşdyrylmagy baradaky aladalaryň artýan wagtynda Kreml bu habary tiz wagtda ret etdi.

Slowakiýada ýerleşýän GLOBSEC howpsuzlyk seljeriş merkeziniň uly ylmy işgäri Tomaş Nagy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Russiýanyň kosmosda ulanyp boljak ýadro ýaragyny döredýändigine degişli subutnamalaryň henizem doly däldigini aýtdy. Emma onuň sözlerine görä, şeýle ýarag döredilen bolsa, ol köp sanly hemrany, şol sanda Starlink ulgamyndaky hemralary hatardan çykaryp biler.

«Ol hökmany suratda ähli hemralary ýok etmän biler, emma hiç kimi saýgarmaz: fizikanyň we radiasiýanyň weýran ediji güýji Günbataryň, Russiýanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň kosmos enjamlarynyň ählisine täsir ýetirip biler» diýip, ol aýtdy.

Uly belentlikde ýadro partlamasynyň täsiri, ilkinji nobatda, elektromagnit impulsyndan gelip çykýar. Ýadro partlamasyndan ýagtylygyň tizliginde ýaýraýan bu impuls ýolundaky elektrik ulgamlaryny hatardan çykarýar. Soňra orbitada galýan radiasiýa hemralaryň duýgur böleklerine goşmaça zeper ýetirip biler.

ABŞ-da ýerleşýän «Secure World Foundation» jemgyýetçilik guramasynyň kosmos howpsuzlygy we durnuklylygy boýunça baş direktory Wiktoriýa Samsonyň aýtmagyna görä, uly belentlikde ýadro ýaragy partladylan halatynda, partlamanyň göni täsir zolagyndaky köp sanly hemra zeper ýeter ýa-da doly hatardan çykar.

«Hemralaryň köpüsinde ýadro radiasiýasyna garşy ýörite gorag ýok. Şonuň üçin, mysal üçin, interneti Starlink arkaly ulanýan bolsaňyz, şeýle ýagdaýda bu mümkinçilik, ähtimal, elýeterli bolmaz» diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Russiýanyň dowam edýän giň gerimli çozuşynyň şertlerinde Ukraina söweş meýdanyndaky hereketlerini utgaşdyrmak üçin ABŞ-nyň Starlink ulgamyna köp derejede bil baglaýar.

Ýeriň ýüzünde hem şol elektromagnit impulsy ägirt uly çäklerdäki elektrik ulgamlaryny weýran ederdi. Munuň nähili netijelere getirjekdigi bolsa belli däl.

«Ikinji gün»

ABŞ hem, Sowet Soýuzy hem 1962-nji ýylda geçirilen synaglarda kosmosda güýçli ýadro ýaraglaryny partlatdylar. Bu synaglar Ýeriň ýüzünde garaşylmadyk zyýanlara getirdi we soňraky synaglaryň gadagan edilmegine sebäp boldy.

ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň suratynda 1962-nji ýylda Ýuwaş ummanyň ýokarsynda uly belentlikde geçirilen «Starfish Prime» ýadro synagy görkezilýär. Synagda kuwwaty 1,4 megatonnalyk termoýadro zarýady partladyldy.

ABŞ-nyň uly belentlikde geçiren iň güýçli ýadro synagy bolan «Starfish Prime» 1962-nji ýylyň 9-njy iýulynda Ýuwaş ummanyň takmynan 400 kilometr ýokarsynda amala aşyryldy.

Partlamadan 1200 kilometrden hem uzakda ýerleşýän ABŞ-nyň Gawaýi adalarynda köçe çyralary öçüp, ýollar garaňkylyga bürendi. Howa hüjümi barada duýduryş sirenalary öz-özünden ýaňlanyp başlady, Gonoluluda bolsa ogurlyga garşy ýüzlerçe duýduryş enjamy işläp gitdi. Şol wagt orbitada bolan onlarça hemranyň birnäçe sanysy, şol sanda Britaniýanyň ilkinji hemrasy Ariel 1 partlamadan zeper çekdi ýa-da hatardan çykdy.

Birnäçe aý soň Sowet Soýuzynda, Sowet Gazagystanynyň asmanyna syn edýän alymlar synçylaryň biriniň «ikinji gün» diýip häsiýetlendiren görnüşini gördüler. Ol sähel wagtlyk asmanda lowurdady.

Bu ýagtylyk uly belentlikdäki partlamalaryň raketa goranyşyna we aragatnaşyk ulgamlaryna täsirini öwrenmek üçin geçirilen sowet ýadro synagyndan döräpdi. Bomba Hiroşimany weýran eden bombadan 20 esse güýçlüdi.

Britaniýanyň ilkinji hemrasy Ariel 1-iň nusgasy. Ol «Starfish Prime» partlamasyndan zeper çeken birnäçe hemranyň biridi.

Gazak sähralaryndaky synçylar hiç zat duýmadylar we partlama sesini eşitmediler. Emma bombanyň dessine döreden elektromagnit impulsy sebitdäki elektrik ulgamlaryny hatardan çykardy. Elektrik geçiriji liniýalardan uçgun çykyp, olar ýanyp zaýalandy, simleri ýere gaçdy. Elektrik stansiýasynyň içinde hem ýangyn döredi.

Elektromagnit impulsy takmynan bir metr çuňlukda gömlen, iki şäheriň arasynda elektrik geçirýän kabeli hem hatardan çykardy. Sowet elektromagnit impuls synaglarynyň beýleki köp täsirleri hiç haçan aýan edilmedi.

1963-nji ýylda ABŞ, Britaniýa we SSSR ýadro ýaraglaryny kosmosda partlatmagy gadagan edýän Ýadro synaglaryny bölekleýin gadagan etmek baradaky şertnamany tassykladylar. Soňraky şertnama bolsa şeýle ýaraglary orbitada ýerleşdirmegi gadagan etdi.

Häzirki wagtda näme bolardy?

Şeýle ýaragyň häzirki infrastruktura nähili täsir etjekdigi henizem näbelli. Häzirki ulgamlar 1960-njy ýyllardakydan has köp derejede duýgur elektron enjamlara daýanýar. Ýeriň daşyndan hem häzir müňlerçe işjeň hemra aýlanýar.

«Häzirki wagtda «Starfish Prime» ýaly ýene bir synag geçirilse, Ýeriň pes orbitasynda täsiriniň has uly boljakdygyny görerdik. Sebäbi ol ýerde hemralar has köp we olar 1960-njy ýyllardaky hemralara garanyňda elektron böleklere has köp daýanýarlar» diýip, Samson aýtdy.

Elektromagnit impuls hüjüminiň hemralara ýetirip biljek zyýany baradaky 2010-njy ýylyň hasabatynda häzirki zaman maglumatlarynyň ýetmezçiligi sebäpli çaklamalardaky näbelliligiň bir ýa-da iki ululyk derejesine, ýagny 10-100 esse tapawuda ýetip biljekdigi bellenildi.

Ukrain esgeri 2026-njy ýylyň oktýabrynda Donesk sebitinde Starlink antennasyny gurnaýar.

Ýakynda Nýu-Ýorkda geçirilen sammitde amerikaly ýarag öndüriji Palmer Laki, esasan-da, elektromagnit impulslarynyň häzirki infrastruktura täsirini öwrenmek üçin ýadro synaglaryny täzeden başlamaga çagyrdy.

Ol onlarça ýyl ozal tamamlanan ýadro synaglarynda toplanan maglumatlaryň könelişendigine ünsi çekdi.

Elektromagnit impuls hüjümi bolan halatynda «telefonlarymyza, möhüm infrastruktura ulgamlarymyza we goşunymyza näme boljakdygyny aslynda bilemzok» diýip, ol aýtdy.