Stambulda binanyň agmagy netijesinde bir türkmenistanly heläk boldy

Stambul

2-nji iýunda Türkiýäniň Stambul şäherinde bir ýaşaýyş jaýynyň agmagy netijesinde Türkmenistanyň raýaty heläk boldy. AP gullugynyň maglumatyna görä, Küçükçekmeje etrabyndaky bäş gatly binanyň agmagy sebäpli başga-da sekiz adam ýaralanypdyr.

Ýerli häkimiýetler 36 ýyllyk binanyň agmagynyň sebäpleriniň bada-bat aýan däldigini aýtdylar. Emma sebitde partlama yzlarynyň ýa-da seýsmiki aktiwligiň hasaba alynmandygy bellenilýär.

Içeri işler ministr Ali Ýerlikaýa, žurnalistler bilen söhbetdeşliginde, binanyň eýesiniň we birinji gatda ýerleşen restoranyň ýolbaşçysynyň saklanandygyny aýtdy. Ol heläk bolanyň Türkmenistanyň raýatydygyny hem mälim etdi, emma şahsyýetini aýan etmedi.