Stambulyň iki etrabynda tussag edilen aktiwistler, şol sanda bir türkmen raýaty, "Yslam döwleti" toparynyň söweşijileri bilen aragatnaşyk saklapdylar we terrorçylykly hüjümleri meýilleşdiripdiler, olaryň biri türkmenistanly diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” türk metbugatyna salgylanyp habar berýär.
Habarda bellenmegine görä, soňky dokuz aýyň dowamynda Türkiýede “Yslam döwleti” topary bilen aragatnaşyk gurmakda güman edilýän 3686 adam saklandy, olaryň 784 sanysy tussag edildi.
Türkmenistanly ýetginjegiň sanly faýllary barlananda, onuň şifrlenen habarlaşma programmalary arkaly YD goldawçylary bilen aragatnaşyk saklandygy ýüze çykaryldy. Kompýuterinde geçirilen barlag onuň Molotow kokteýllerini we partlaýjy maddalary ýasamak boýunça görkezme, uzyn nilli ýaraglary ýygnamak boýunça gollanma alandygyny, okuw materiallaryny we YD bilen baglanyşykly köp sanly resminamany we wideony saklandygyny görkezdi.
Kazyýet ýetginjegi tussag etmek barada karar çykardy.
Iýul aýynda, YD söweşijileri bilen aragatnaşyk açanyndan soň, 14 ýaşly türkmen raýaty tussag edildi. Gazetiň maglumatyna görä, söweşijiler ýetginjege tälim berdiler, telegram arkaly bomba ýasamak we adam öldürmek boýunça "okuw materiallaryny" iberdiler.