"Surnugan" owgan bosgunlarynyň Katar lagerinde galmak möhleti uzadyldy, ABŞ Kongresiniň agzalary olaryň işi boýunça çäre görmäge çagyrýar

"As-Saýliýa" lageriniň 2002-nji ýylda ABŞ-nyň harby bazasy bolan döwründäki arhiw suraty

Katardaky lagerde saklanýan owgan bosgunlaryna, lageriň ýapylmagy üçin bellenen möhlet tamamlanandan soň, onuň ýene dokuz aýlap açyk saklanjakdygy aýdyldy, ýöne olar Birleşen Ştatlara girmäge girizilen gadagançylyk sebäpli öz ykbaly barada dowam edýän näbellilik bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

ABŞ-nyň öňki goşun bazasy bolan "As-Saýliýah" lagerinde, 2025-nji ýylyň noýabrynda prezidentiň buýrugy bilen Owganystan boýunça immigrasiýa ýüzlenmeleriniň togtadylmagy netijesinde näbelli ýagdaýda galan, takmynan 1100 sany owganystanly ýaşaýar. Lageriň 30-njy sentýabrda ýapylmagy meýilleşdirilýärdi.

"Biz lageriň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdik. Şol duşuşykda olar bize lageriň iş möhletiniň diňe dokuz aý möhlet bilen uzaldylandygyny aýtdylar. Ol takmynan iýun aýyna çenli açyk bolar. Olar diňe şuny aýtdylar, başga maglumat bermediler" diýip, adynyň aýdylmazlygyny islemedik bir adam 1-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň "Radio Azadi" Owgan gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

Mundan ozal ABŞ-nyň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Döwlet departamentiniň lageriň iş möhletini dokuz aý möhlete uzaltmak barada karar kabul edendigini habar berdiler, ýöne resmiler bu möhleti açyk tassyklamadylar.

“Döwlet departamenti bu galan adamlaryň Owganystandan daşarda täze durmuş başlamagy üçin howpsuzlygyny üpjün edýän, şol bir wagtyň özünde amerikan halkynyň howpsuzlygyny we goraglylygyny üpjün edýän oňyn çözgüt tapmak ugrunda işlemegini dowam etdirýär” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Metbugat wekili lager ýaşaýjylarynyň meýletin göçürilmegini guramak boýunça işleriň dowam edýändigini sözüne goşup, olaryň köpüsi ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçleriniň Owganystanda bolan döwründe (2001–2021) amerikan güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etdi we galanlary bolsa olaryň maşgala agzalarydyr hem diýdi.

"Psihologik taýdan bu örän kyn. Garaşmak gaty kyn. Men özüm hem örän ýadadym, tapdan gaçdym" diýip, adynyň aýdylmazlygyny islän lagerdäki ýene bir ýaşaýjy AÝ/AR-na gürrüň berdi.

"Adam haýsydyr bir ýagdaýa mejbury düşende we başga saýlamaga mümkinçiligi bolmanda, diňe şoňa döz gelmeli we ony başdan geçirmeli bolýar. Biziň ykbalymyz entegem näbelli. Emma biz göreşmegimizi dowam etdirýäris we ahyrsoňy biziň üçin amatly ýeriň hem-de çözgüdiň tapyljakdygyna umyt edýäris" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Lagerdäki ýaşaýyş şertleriniň kanagatlanarlydygy habar berilýär. Ýöne köp ýaşaýjy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda durmuşlarynyň belli bir möhlete "togtadylandygy" sebäpli depressiýa we emosional kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny gürrüň berdi.

Lagerdäki köp ýaşaýjy özleriniň Ruanda ýa-da Kongo Demokratik Respublikasy ýaly üçünji ýurtlara göçürilmek mümkinçiligi baradaky gürrüňlerden hem howatyrlanýar.

Iki partiýanyň bilelikdäki haty

Lagerdäki adamlaryň ýagdaýy ABŞ-nyň Respublikan we Demokrat partiýalaryndan bolan kanunçykaryjylary tarapyndan birnäçe gezek - iň soňky gezek 29-njy sentýabrda Kongresiň iki palatasynyň 22 wekilinden ybarat iki partiýaly topar tarapyndan döwlet sekretary Marko Rubionyň adyna ýazylan açyk hatda - gozgaldy.

Resminamada 22-nji sentýabrda iki owgan raýatynyň häzirki immigrasiýa syýasatyndan boşadylmagy arkaly Birleşen Ştatlara kabul edilendigi bellenilip, "amerikan harby işgärleriniň we weteranlarynyň takmynan 3000 sany ýakyn maşgala agzalarynyň" daşary ýurtlarda galýandygy, şol sanda "As-Saýliýah" bazasynda ýerleşýän takmynan 150 adamyň, "şeýle hem ABŞ häkimiýetleri tarapyndan barlanyp, ABŞ hökümetiniň uçarlarynda ol ýere äkidilen 1000-den gowrak owgan ýaranlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň galýandygy" aýdylýar.

Hatda ABŞ-nyň döwlet sekretaryna "bosgunlyk we rugsat bermek baradaky kararlarda, 'As-Saýliýah' lagerindäkilerden başlap, amerikan harby işgärleriniň we weteranlarynyň ýakyn maşgala agzalaryny ileri tutmaga" çagyryş edilýär.



Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.