Şweýsariýada turan ýangyn 40 adamyň ölümine sebäp boldy

Şweýsariýa “Le Constellation” barynda bolan ýangynyň pidalary üçin bäş günlük matam yglan etdi

Şweýsariýa Alp daglaryndaky Krans-Montana dag lyža kurortynda, “Le Constellation” barynda bolan ýangynyň pidalary üçin bäş günlük matam yglan etdi diýip, Şweýsariýanyň prezidenti we ykdysadyýet ministri Gaý Parmelin aýtdy.

1-nji ýanwara geçilýän gije bolan ýangyn 40-a golaý adamyň ölümine sebäp boldy, 115-den gowrak adam bolsa agyr ýanyk ýaralaryny aldy diýip, “Roýters” habar berdi.

Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, ýaralananlaryň we ölenleriň anyk sanyny, şeýle-de, olaryň atlaryny kesgitlemek üçin birnäçe gün gerek bolar. Häkimiýetler derňewçileriň gije-gündiz işleýändigini aýtdylar.

“Ilkinji nobatda jesetleriň ählisiniň kimligini (şahsyýetini) anyklamaly” diýip, Krans-Montana şäheriniň häkimi Nikolas Feraud 1-nji ýanwar agşamy geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.