Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Oleksandr Syrskyý Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň (UHG) ofiseri hakynda tankydy makala çap eden žurnalistiň harby gulluga çagyrylandygy baradaky habardan soň, içerki barlag, derňew işlerini geçirmegi buýrandygyny aýtdy.
Ukrainanyň “Investigagtive.Info” habar gullugy UHG-nyň žurnalist Ýewhen Şulhatyň harby gulluga çagyrylmagy üçin territorial esgerlige çagyryşyň geçirilmegini soran bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
Žurnalist ýakynda UKG-nyň kiberhowpsuzlyk bölüminiň başlygy Ilýa Witýugyň toplan şahsy baýlygy barada makala ýazdy.
Syrskyý Facebook ýazgysynda bu mesele boýunça içerki derňewiň geçirilmegini buýrandygyny we žurnalistleriň işine hormat goýulmalydygyny aýtdy.