Täjigistanda agyr ýagan ýagyşdan soň gelen silde azyndan 13 adam öldi diýip, Merkezi Aziýa döwletiniň Adatdan daşary ýagdaýlar komiteti 28-nji awgustda habar berdi.
Bu waka paýtagt Duşenbäniň gündogaryndaky we günortasyndaky Wahdat we Rudaki etraplarynda boldy.
Häkimiýetler tupan we güýçli ýagyş netijesinde dörän suw joşmalarynyň ýollara hem zyýan ýetirendigini aýtdylar.
Komitet ýer süýşmesi howpunyň ýokary bolmagynda galýandygyny aýtdy.
Prezident edarasynyň habaryna görä, prezident Emomali Rahmon ölenleriň maşgalalaryna gynanç bildirdi.