Täjigistanda kadasyz elektrik üpjünçiliginiň arasynda, alty adamlyk bir maşgala kömürturşy gazdan zäherlenip öldi

Heläk bolan bir jübüt we olaryň dört çagasy 28-nji fewralda jaýlandy.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede bir maşgalanyň alty agzasy kömürturşy gazdan zäherlenip heläk boldy. Olar bu Merkezi Aziýa döwletinde elektrik üpjünçiliginiň pes bolmagy sebäpli, öýlerini odun we kömür bilen ýyladýardylar.

Bu hadysa barada 29-njy fewralda Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň resmileri Azatlyk Radiosyna habar berdiler. Pajygaly waka mundan iki gün öň bolupdyr.

Heläk bolan bir jübüt we olaryň dört çagasy 28-nji fewralda jaýlandy.

Soňky günler Duşenbäniň ýaşaýjylary kadasyz tok üpjünçiliginden şikaýat edýärdiler.

Duşenbäniň elektrik edarasynyň bir resmisiniň Azatlyga aýtmagyna görä, Nurek gidro-elektrik stansiýasyny işledýän derýadaky suwuň derejesiniň peselmegi netijesinde, energiýa önümçiliginde hem bökdençlikler ýüze çykypdyr.