Täjigistanyň DIM-i Russiýada täjik ýetginjeginiň öldürilmegini "berk ýazgardy"

10 ýaşly täjik ýetginjegi Kobiljon Alyýew Moskwa oblastynyň Odintsowo şäherindäki Uspenskaýa mekdebinde kämillik ýaşyna ýetmedik oglan tarapyndan pyçaklanyp öldürildi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň Moskwa oblastyndaky mekdepleriň birinde täjik ýetginjegi Kobiljon Alyýewiň öldürilmegini "berk ýazgardy" we Russiýanyň häkimiýetlerinden wakany düýpli derňemegi talap etdi.

10 ýaşly täjik ýetginjegi Kobiljon Alyýew Moskwa oblastynyň Odintsowo şäherindäki Uspenskaýa mekdebinde kämillik ýaşyna ýetmedik oglan tarapyndan pyçaklanyp öldürildi. 16-njy dekabrda bolan waka duşurilen wideo sosial mediada giňden paýlaşyldy we ulanyjylaryň arasynda gahar-gazap döretdi.

17-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda Täjigistanyň daşary syýasat edarasy 10 ýaşly Kobiljonyň öldürmegini ksenofobiýa diýip atlandyrdy we Duşenbedäki Russiýanyň ilçisiniň çagyrylyp, waka bilen baglanyşykly nota gowşurylandygyny habar berdi.

Beýanata göra, notada "bu pajygaly wakanyň derrew, obýektiw we bitarap derňelmegini we ähli degişli adamlaryň kanuna laýyklykda jogapkärçilige çekilmegini talap edilýändigi" aýdylýar.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi, şeýle hem Russiýadaky Täjigistanyň ilçihanasyna heläk bolan ýetginjegiň garyndaşlary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamagy we meseläni gözegçilik astyna almagy tabşyrandygyny ýazdy.

Şol bir wagtyň özünde, Täjigistanyň Içeri işler ministri Ramazon Rahimzodanyň bu waka barada rus kärdeşi Wladimir Kolokoltsew bilen telefon arkaly gürleşendigini habar berdi.

Maglumata görä, Rahimzoda Kolokoltsewden “wakanyň sebäplerini we faktorlaryny düýpli öwrenmegi we degişli çäreleri görmegi” talap etdi.

Bu pajygaly waka täjik ýetginjekleriniň Russiýada rehimsizlik bilen öldürilmegi bilen bagly ilkinji waka däl.

Hüjüm şol mekdebiň 15 ýaşly okuwçysy Timofeý K. tarapyndan amala aşyrylandygy habar berilýär. Internetde hüjümçiniň öz hereketlerini wideo düşürendigi barada habarlar peýda boldy. Wideoda kämillik ýaşyna ýetmedik mekdep okuwçysynyň mugallym bilen bir topar çaga bilen duşuşyp, olardan raýatlygyny soraýandygy görkezilýär.

Hüjümden öň şübhelenýän Timofeý K. beýleki çagalara öz "manifestini" - hüjümçiniň ýewreýlere, musulmanlara we liberallara garşy çykyş edýän "Meniň gaharym" atly neonasist beýanaty iberendigini rus mediasy habar berýär.

Hüjümçi eýýäm tussag edildi. Şaýatlar "ähli zadyň gaty çalt bolandygyny" gürrüň berdiler.