Täjigistanda azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde 471 zenan saklanýar. Olar bilen birlikde düzediş edaralarynda olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik 11 çagasy hem saklanylýar.
Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Täjigistanda aýal-gyzlar tarapyndan jemi 1 müň 571 jenaýat amala aşyryldy.
Olar köplenç galplyk, ogurlyk, çagalaryň bilim almagyna päsgel bermek, huligançylyk, bilkastlaýyn keseli ýokuşdyrmak, şeýle-de bilkastlaýyn saglyga zeper ýetirmek ýaly maddalar boýunça günäli tapyldy.