Russiýanyň Samara şäherinde ýaşaýan täjigistanly migrant işçiler 13-nji fewralda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, ýerli täjik diasporasynyň lideri Sunatullo Nazriýewiň rus raýatlygy bolan täjikleri we rus pasportlaryny almagy çaltlaşdyrmak isleýänleri bir usul hökmünde, Moskwanyň Ukrainada söweşýän ýaragly güýçlerine goşulmaga çagyranyndan soň, özleriniň gorky-howatyra düşendiklerini aýtdylar.
Migrant işçileriň sözlerine görä, Nazriýew goşun gullugyna çekilmekden gaça durýanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň Täjigistana deportasiýa ediljekdigini duýdurdy.
Migrant işçiler tarapyndan garşylyga duçar bolanyndan soň, Nazriýew özüne nädogry düşünilendigini we bu duýduryşyň diňe rus pasportlaryny alan täjiklere degişlidigini aýtdy.