Täjik oppozisiýa aktiwisti Litwada azatlyga goýberildi

Sulaýmon Dawlatow

4-nji iýunda Litwanyň sudy täjik oppozisiýa aktiwisti Sulaýmon Dawlatowyň tussaglyk möhletini uzaltmady we onuň dessine azat edilmegi boýunça höküm çykardy.

Dawlatow apreliň başynda aýdyňlaşdyrylmadyk aýyplamalar esasynda tussag edilipdi. Munuň Baltik döwletiniň milli howpsuzlygy bilen ilteşiklidigi aýdylypdy.

40 ýaşly Dawlatow dokuz ýyldan bäri Litwada ýaşaýar. Ol Internetde täjik resmilerini tankytlamakda tanalýar.

2015-nji ýylda “Topar 24” oppozisiýa hereketiniň ozalky agzasy Finlýandiýada täjik häkimiýetleriniň haýyşy esasynda saklanypdy, emma soňy bilen azatlyga goýberilipdi.