Täjik oppozisiýa aktiwistleriniň bir topary 21-nji dekabrda Russiýanyň Germaniýanyň Bonn şäherindäki konsullygynyň öňünde 10 ýaşly Kobiljon Alyýewiň Moskwa sebitinde pyçaklanyp öldürilmegi bilen bagly protest çäresini geçirdi.
Mitinge onlarça adam gatnaşdy, olaryň arasynda oppozisiýa wekilleriniň çagalary hem bardy.
Protestçileriň käbiri Kobiljonyň we Orsýetde öldürilen ýa-da aradan çykan beýleki birnäçe täjik çagasynyň suratlaryny göterip durdy.
Kobiljon Alyýew 16-njy dekabrda, Moskwa oblastynyň Odintsowo etrabyndaky mekdepde, 15 ýaşly okuwçy Timofeýiň hüjümi netijesinde öldi.
Pyçaklanan Kobiljon gymyldydan galanyndan soň, Timofeý öldürilen çaganyň ýanynda selfi suratyna düşdi.
Şeýle-de, ýetginjek öz edýän ähli işlerini wideoýazgy etdi.