Täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň agzalary 15-nji oktýabrda mugallymlaryň abraýyny, mertebesini we hünär hukuklaryny goramaga gönükdirilen kanun taslamasyny, "Mugallymlaryň durumy baradaky" kanuny tassyk etdi. Şeýle-de, bu resminama olaryň jogapkärçiligini kadalaşdyrýar we sosial kepilliklerini kesgitleýär.
Bu taslama indi parlamentiň ýokarky palatasy tarapyndan tassyklanmaly. Şondan soň oňa prezident tarapyndan gol çekilmeli. Kanun resmi metbugatda çap edileninden bir aý soň güýje girmeli.
Kanun taslamasy prezident Emomali Rahmonyň tabşyrygy boýunça işlenip düzüldi.
Ýatlatsak, Rahmom 2024-nji ýylda mugallymçylyk hünäriniň abraýynyň pese gaçmagyndan alada bildirdi we degişli resminamanyň taýýarlanmagyny tabşyrdy. Şeýlelikde, hökümet iýul aýynyň aýagynda bu taslamany taýýarlady we parlamente hödürledi.