Täjik prezidentiniň köpçülige görünmezliginiň fonunda, Rahmonyň “ýakyn günlerde” duşuşyklarynyň boljakdygy yglan edildi

Täjigistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň 28-nji ýanwarda geçen ýygnakdan paýlaşan suraty.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň administrasiýasy ýurduň lideriniň tas iki hepde töweregi köpçülige görünmeýän döwründe, onuň gatnaşmagynda geçiriljek çäreleriň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Adatça ýokary media işjeňligi we täze desgalary açmak dabaralaryna, ýygnaklara hem-de beýleki döwlet çärelerine yzygiderli gatnaşmagy bilen tanalýan Rahmonyň uzak wagtlap maglumat meýdanynda görünmezligi üns çekdi.

Prezidentiň metbugat gullugynyň habarynda: “Ýakyn günlerde prezidentiň birnäçe duşuşygy meýilleşdirilýär” diýilýär.

Metbugat gullugynyň 28-nji ýanwardaky habaryna görä, şol gün Emomali Rahmon güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçiripdir. Şondan bäri onuň gatnaşmagynda geçen çäreler barada maglumat berilmedi.

74 ýaşly Rahmonyň maglumat meýdanyndan ýitmegi jemgyýetde diskusiýalara we dürli çaklamalara sebäp boldy.

Onuň ogly Rustam Emomaliniň köpçülikdäki işjeňliginiň artmagy hem üns çekdi. Ol parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygydyr we ýurtda täsiri boýunça ikinji syýasatçy hasaplanylýar. Bu ýagdaý hem prezidentiň gözden ýitmeginiň sebäpleri barada dürli çekişmeleri döretdi.