“Talyban” durmuşa çykmadyk we erkek howandary bolmadyk aýallara çäklendirmeleri güýçlendirýär

Kabulda gözellik salonynyň öňünden geçip barýan bir zenan.

Owganystanda “Talyban” dolandyryjylary durmuşa çykmadyk ýa-da erkek howandary bolmadyk aýallaryň iş, syýahat we saglygyna seretdirmek mümkinçiliklerini çäklendirýär diýip, BMG-niň 22-nji ýanwarda çap eden hasabatynda aýdylýar.

Owganystanda bir aýal maşgalanyň ýanynda hökmany erkek howandaryň bolmalydygy barada resmi düzgün ýa kanun ýok. Emma “Talyban” zenanlaryň gapdalynda garyndaşlyk ýa-da maşgala bagly bir erkek kişi bolmasa, onda aýallaryň belli bir aralyga ýeke syýahat edip bilmejekdiklerini aýdýar.

“Talybanyň” esasy sözçüsi Zabihullah Mujahid BMG-niň hasabatynyň aglaba düşünişmezliklere esaslanýandygyny aýtdy, we missiýany Yslam kanuny – Şerigaty göz öňünde tutmazlykda ýa-da tankytlamakda aýyplady.