Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti aýal-gyzlar üçin girizilen berk eşik düzgünini bozmakda aýyplap, onlarça zenany tussag etdi.
Bu düzgün aýal-gyzlaryň başdan-aýaga, ýüzüne çenli örtülgi bolmagyny talap edýär.
Gözi bilen gören şaýatlaryň birnäçesi we tussag edilen aýallaryň käbiri Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna “Talybanyň” ahlaklylygy ündeýän we bozuklygyň öňüni alýan ministrliginiň Kabulyň dürli etraplarynda 1-nji ýanwardan bäri eşik düzgünini bozmakda aýyplanan aýallary tussag edýändigini gürrüň berdi.
“Bu ýerde bu gün birnäçe waka boldy, “Talyban” birnäçe aýaly tussag etdi we näbelli tarapa alyp gitdi” diýip, bir şaýat 3-nji ýanwarda aýtdy.
AP neşiri ýurduň ahlaklylygy ündeýän we bozuklygyň öňüni alýan ministrligine salgylanyp, aýallaryň “hijaplaryny gowy geýmändigi” üçin tussag edilendigini, munuň geýim-eşik düzgünine eýermedik aýallara görülýän repressiw çäräniň ilkinji gezek resmi taýdan tassyklanmagy bolandygyny habar berdi.